Soňky habarlar

Arhiw

Hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

22:2302.12.2022
0
26978

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maýa goýum taslamalaryny kesgitlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek maksady bilen taýýarlanan, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň işine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň