Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda IKT adalgalarynyň ilkinji üç dilli elektron sözlügi döredildi

20:1802.12.2022
0
38449

Türkmenistanda «IT Sözlük» ady bilen maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň (IKT) üç dilli sözlügi bolan ilkinji ykjam programma işe girizildi.

Iňlis-rus-türkmen dillerindäki sözlük hünärmenler we IKT adalgalary bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.

Programmany «App Store»-dan we «Google Play»-den ýükläp alyp bilersiňiz.

Programmanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (IDUSAID) bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülendigi bellenilýär.

Sözlük esasy IKT adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemelerini hödürleýär we geljekde täze adalgalar bilen yzygiderli baýlaşdyrylar. Şeýle hem, sanly platforma ykdysady we daşky gurşaw şertleriniň sözlüklerini goşmak üçin giňeldiler.

Akademiýanyň IDUSAID bilen «Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny gowulandyrmak maksatnamasynyň» çägindäki hyzmatdaşlygy ýurduň strategik ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljekde ministrlikleriň, edaralaryň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetleriň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary bölümleriniň hünärmenleri üçin gysga möhletli ýokary okuw kurslaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ozal türkmen hünärmenleriniň IT ulgamynda ilkinji CCNA şahadatnamasyny aljakdygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň