Türkmenistanda täze makala bäsleşigi yglan edildi

19:5830.11.2022
0
16274

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Diýar» žurnaly bilen bilelikde «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmensitanyň gözel künjekleriniň waspyny ýetirýän öz publisistik makaladyr oçerklerini, hekaýadyr goşgularyny (suraty bilen) bäsleşige hödürläp biler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylyp bilner.

Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumaty (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Eserler kompýuterde ýyglyp, iki nusgada we elektron görnüşinde (Times New Roman 14 şrifti, 1,5 setirara) şu salga ýollanylmalydyr: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly- 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy. Elektron salgy: diyar-zurnaly@online.tm

Bäsleşigiň guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi we «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýerine ýetirýärler.

Bäsleşige hödürlenýän eserler «Diýar» žurnalynyň we saýtynyň sahypalarynda çap ediler.

Bäsleşige hödürlenýän eserler 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul ediler we sentýabr aýynyň ikinji ongünliginde jemi jemlener. «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Eminler topary tarapyndan bäsleşige gelen oçerkler, publisistik makalalar hem-de hekaýadyr goşgular aýratynlykda serediler we ýeňijiler kesgitleniler.

Habarlaşmak üçin: «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy — 39-95-30, 39-95-22, 39-96-13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň