Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda temmäki önümlerini satyn alýanlaryň iň kiçi ýaşy kesgitlenildi

16:1230.11.2022
0
96309

«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşme şu gün ― 30-nji noýabrda Kanunyň ýerli neşirde çap edilmegi bilen güýje girdi. Girizilen üýtgeşmeler temmäki önümlerini satyn alýanlaryň ýaşy bilen baglydyr.

Täze kabul edilen Kanuna laýyklykda 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde, bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde «kämillik» we «On sekiz» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimi bir» we «Ýigrimi bir» diýen sözlere çalşyryldy.

Bu bolsa mundan beýläk temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda «Temmäki önümlerini 21 ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr» diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmalydygyny we 21 ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjynyň käbir borçlara eýedigi aýdylýar.

Şeýle ýagdaýda satyjy alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge; eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge borçludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň