Soňky habarlar

Arhiw

Aýşirin Haýdarowa ― kuraş boýunça dünýäniň wise-çempiony!

10:4529.11.2022
0
14851

Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýradowa Hindistanyň Puna şäherinde kuraş göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Aýşirin dünýä çempionatyndaky tutluşyklaryna 48 kilograma çenli agram derejesinde çykdy. Ol finala çenli geçiren tutluşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, diňe finaldaky garşydaşyndan asgyn geldi.

Mundan ozal Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Kurbanowanyň türkmen ýygyndysynyň bu ýaryşdaky ilkinji medalyny gazanandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň