Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa resmi sapary başlandy

22:0627.11.2022
0
26646

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

...Ir bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Dostlukly ýurda ugramazdan öň, bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti we dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Diwanynyň Baş sekretary bilen duşuşar.

— Häzirki döwürde Koreýa Respublikasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallasy bilen, abadançylyk, parahatçylyk syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy. Şu döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykdy. Özara bähbitli ikitaraplaýyn taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryň taryhynda-da möhüm ähmiýeti boljak bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, şeýle-de iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirildi — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gazanylan ylalaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy noýabr aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleriniň uly üstünlik bilen geçirilmeginiň iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanda iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk hem dürli ugurlar boýunça ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynanýandygyny nygtady hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna ak ýol arzuw etdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere minnetdarlyk bildirip, uçara mündi we bu ýerden Seul şäherine tarap ugur aldy.

Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistan — Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistan — Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Seulda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, bu gezekki saparyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň iri önümçilik toplumlarynyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Şu gezekki saparyň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagynda we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde möhüm ähmiýetiniň boljakdygy bellenildi.

Söhbetdeşler türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýändigini nygtadylar.

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerde sapar mahalynda özi üçin niýetlenen Seulyň Lotte myhmanhanasyndaky kabulhanasyna tarap ugrady.

Myhmanhananyň merkezi girelgesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Başda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti we bu dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Diwanynyň Baş sekretary bilen duşuşar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, şeýle-de iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň