Türkmenistanda birnäçe etrap we şäher häkimlikleri ýatyryldy

23:0425.11.2022
1
31700

Welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:

  • Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy;
  • Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy. Welaýatyň Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy;
  • Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy. Welaýatyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy;
  • Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy;
  • Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguz han etrap häkimlikleri ýatyryldy;

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine degişli Kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Şeýle-de welaýatlaryň häkimlikleri Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň