Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň okuw wizasyny täze pasporta nädip geçirip biljekdigini habar berdi

17:3625.11.2022
0
46914

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň okuw wizasyny täze daşary ýurt pasportyna nädip geçirip biljekdigini habar berdi. Degişli ýazgy şu gün Russiýanyň ilçihanasynyň Telegram kanalynda çap edildi.

Möhleti geçen halkara pasportda dogry rus okuw wizasy bar bolsa, dalaşgärler wizany täze halkara pasportyna geçirmek üçin Russiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölümine ýüz tutup bilerler.

Bu hyzmata giriş Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň web sahypasynda öňünden elektron usulda bellenilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Hyzmatyň bahasy 24 ABŞ dollary bolup, geçiriş tabşyrylan güni amala aşyrylýar. Wizany geçirmek üçin uniwersitetden täze çakylyk hökman däl.

Wiza bermek üçin zerur resminamalaryň sanawyny Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy Russiýada okaýan we dynç alyş üçin Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýän talyplara wiza bermek meselesi boýunça konsullyk bölümi bilen öňünden gepleşik geçirmegi maslahat berýär. Giriş biletine garaşmagyň ortaça wagty, anketany yzygiderli tassyklamak bilen 30 — 35 gün.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň salgysy: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý. Sowal bilen ýüz tutmak üçin telefon belgisi: +99312940741 (iş wagty 9:30 — 16:00).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň