Turkmenportal logo
08.06.22
5176451764
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resminamalary tabşyrmak üçin täze slotlary bölüp berer
RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resminamalary tabşyrmak üçin täze slotlary bölüp berer

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resminamalary tabşyrmak boýunça ýazga durmak üçin wagtlaýyn slotlaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Degişli maglumat RF-niň Ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň Telegram-kanalynda neşir edildi.


«Russiýa Federasiýasyna dürli kategoriýaly wizalary resmileşdirmek üçin islegiň artýandygy bilen baglylykda, Konsullyk gullugy 10-undan 25-i aralykda kabul edişlik üçin ýazylmagyň slotlarynyň gündelik sanyny artdyrýar» - diýlip habarda aýdylýar.


2022-nji ýylyň iýulyndan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat-Kazan ugry boýunça yzygiderli howa gatnawy arkaly Russiýa gidýän raýatlar konsullyk gullugynyň saýtynda elýeterli bolan diňe deslapky ýazgy boýunça wizany resmileşdirip bilerler.


Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň 15-22-nji iýunynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça uçuş edýän raýatlar deslapky ýazylyşygyň bolmazlygyna esasy bar bolan ýagdaýynda wiza resminamalaryny tabşyryp bilerlr. Bu raýatlara diňe gyssagly wizalar resmileşdiriler.