Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýanyň Premýer-ministriniň öýi goňşusynyň zibil ýakmagyndan ejir çekdi

14:2325.11.2022
0
20416
Indoneziýanyň Premýer-ministriniň öýi goňşusynyň zibil ýakmagyndan ejir çekdi
Surat: m.ininusantara.com

Indoneziýanyň Premýer-ministri Maruf Aminiň hususy öýi goňşy öýde tutaşan ýangyn zerarly tas ýanypdy, waka goňşy ýaşaýan garry enäniň öýünde zibil ýakmagy sebäp boldy diýip, «Detik» portalyna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Portalyň habar bermegine görä, Premýer-ministriň öýüne aralaşan ýangyny dessine öçürdiler, jaýa ujypsyz zeper ýetdi. Goňşy aýalyň öýi bolsa tutuşlygyna ýandy, ýangyndan ejir çekenler ýok.

«Ýangyn garry enäniň öýünde zibil ýakmagyndan başlanypdyr, ol ody gözegçiliksiz galdyrypdyr. Biynjalyk bolmaň, garry ene halas edildi, onuň ýagdaýy gowy» diýip, Demirgazyk Jakartanyň ýangyn gullugynyň işgäri portala gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň