Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Täjigistanyň filmleriniň görkezilişine badalga berildi

13:2024.11.2022
0
15362

Täjigistanyň medeniýet günleriniň çäginde «Aşgabat» kinoteatrynda iki ýurduň kinorežissýorlarynyň duşuşygy geçirildi we «Awçynyň soňky awy» atly çeper film görkezildi.

Muhammetrabi Ismoilowyň režissiýorlygyndaky dolygöwrümli film Abrori Zahiriň romany esasynda düşürilip, suwdan tapylan gyz bilen täjigistanly awçy Saýýodyň arasyndaky bolup geçýän wakalar gürrüň berilýär.

Surat: tojikfilm.tj

Filmde 40-dan gowrak aktýorlar dürli keşplerde surata düşdüler. Şeýle hem filmiň köp bölegi goraghanada düşürildi.

Film tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we birnäçe gezek halkara film festiwallaryna gatnaşdy.

Täjik kinolarynyň görkezilişinde halkara festiwallara gatnaşan ýene bir film — Mukabbat Sattorowyň režissiýorlyk eden «Durmuşyň tansy» çeper filmi hem bar. Film 2018-nji ýylda ekrana çykyp, onda durmuşda ýüze çykýan dürli wakalar barada gürrüň berilýär.

Фото: tojikfilm.tj

Häzirki wagtda Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň medeniýet günleri dowam edýär. Agşam «Watan» kinoteatrynda we konsert zalynda Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti bolar. Konsert 18:00-da başlar.

Şekillendiriş sungaty muzeýide bolsa häzirki zaman täjik suratkeşleriniň, amaly sungat ussatlarynyň, moda dizaýnerleriniň we neşir önümleriniň eserlerini görkezýän giň gerimli sergi açdy. Sergi iki gün dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň