Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň taslamasyna gaýtadan seretmegi teklip etdi

22:3923.11.2022
0
29454
Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň taslamasyna gaýtadan seretmegi teklip etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşdy. Şeýle-de oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşlar hem çagyryldy.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanunyň taslamasyna seredildi we onuň bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary H.Geldimyradowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň, şeýle-de Halk Maslahatynyň Aşgabat şäherinden we welaýatlardan degişli agzalarynyň çykyşlary diňlenildi.

Mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.

— Biziň alyp barýan ähli işlerimiz eziz Watanymyzy ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bellenen maksatlary durmuşa geçirmek üçin biziň her birimiz öz ýerimizde
ak ýürekli, yhlasly, netijeli we döredijilikli işlemelidiris — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we hemmeleriň bu işlere öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň