Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi

14:5421.11.2022
0
30549

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde ýokary derejeli türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda däp bolan türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşe gönükdirilen tagallalary işjeňleşdirmek, energetika, ulag, maýa goýumlar, söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hökümet derejesinde, daşary syýasy we ýörite edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary ilerletmek, Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmek, ulag-logistika, dokma pudaklarynda, oba hojalygynda, kommunikasiýalarda, himiýa we gaýtadan işleýän senagatda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meseleleri türkmen-emirlikler gepleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti şähergurluşyk ulgamyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalaryny Türkmenistanda amala aşyrylýan «akylly» şäher taslamalaryna — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň» gurluşyklaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Giňeldilen düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, taraplar degişli resminamalary alyşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriniň barşynda bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň