Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özboluşlylygyňy şöhlelendirmek üçin täze «Däp Community» egin-eşik toplumy

11:5221.11.2022
0
18419

Türkmen haryt nyşany «Däp» özboluşlylygyňy dürli şekilde şöhlelendirmek üçin täze «Däp Community» atly çäkli egin-eşik toplumyny taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, moda – wagtlaýyn, imij bolsa üýtgemeýär. Täze toplumyň esasy maksady hem düýbünden tapawutlanýan kärdäki, dürli gyzyklanmalary we aýry-aýry iş ugurlary bolan adamlar üçin umumy baglanyşygy emele getirmekden ybaratdyr. Ol egin-eşikde rahatlyga, erkinlige üns berýänler we içki dünýäsini şöhlelendirmek üçin wizual usullardan peýdalanyp, öz stilini saklamak isleýänler üçin niýetlenendir.

«Däp Community» çäkli egin-eşik toplumyna islendik görnüş bilen sazlaşygy döredýän ýyly hudiler, göni biçüwli balaklar, joggerler, köýnekler we kombinezonlar girýär. Olaryň her biri şekilleri we reňkleri boýunça özara sazlaşýar.

Şeýle hem täze egin-eşikler üçin görnüşiň üstüni ýetirýän ýörite elementler we aksessuarlar döredildi: nagyşly bomberler, ýyly şarflar (ulular we çagalar üçin), örülen şapkalar, şoper ýantorbalary.

«Däp» haryt nyşanynyň dizaýnerleri döredijilik adamlary birleşdirmäge ukyply diýip hasap edýärler. Şonuň üçin hem çäkli egin-eşik toplumy bilen birlikde, aýratyn «Art Collection» toplumyny çykarmak üçin taýýarlyk görýärler. Onuň düzümine türkmen medeniýetini täzeçe görnüşde şöhlelendirýän şekiller we suratlar ýerleşdirilen önümler girer.

«Art» toplumynda ruhy sungat eserlerine aýratyn üns berilýär. Döwrebaplyk bilen taryhy-medeni mirasyň utgaşdyrylmagy esasynda ýerleşdirilen suratlar milli filosofiýany – däp-dessurlary hormatlamagy we watançylyk ruhuny şöhlelendirýän özboluşly görnüşi emele getirýärler.

Ýatda galyjy şekiller güýz-gyş möwsüminiň esasy tapawutlanýan aýratynlygy bolar, çäkli egin-eşik toplumy bolsa islenik görnüş bilen sazlaşar. Şonuň üçin hem «Däp» – hemmeleri birleşdirýän haryt nyşanydyr.

«Däp» haryt nyşanly egin-eşikleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli dükanlaryndan satyn alyp we täze görnüşleri bilen tanşyp bilersiňiz.

Salgysy: «Berkarar» SDAM (1-nji gat, B57b dükany); «Aşgabat» SDAM (B-1.32).

Telefon: (+993 61) 85 77 70.

Ähli görnüşler sosial ulgamdaky sahypasynda tanyşmak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň