Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Däp» haryt nyşanly egin-eşikleriň täze tapgyrynyň tanyşdyryşy geçiriler

10:3212.09.2022
0
36645

15-nji sentýabrda «Däp» haryt nyşanly türkmen kärhanasy «Aşgabat» medeni-dynç alyş merkezinde Urban stilinde — şäher gurşawy üçin niýetlenip öndürilen gündelik egin-eşik görnüşleriniň az sanly täze tapgyrynyň tanyşdyryşyny geçirýär.

Kärhananyň hünärmenlerini täze kolleksiýany döretmäge şäheriň ýaşaýjylary hem-de Aşgabadyň binagärlik özboluşlylygy ruhlandyrypdyr. «Adamlaryň nirä gitselerem, näme etseler-de köpçülikden tapawutly bolmagy, şol bir wagtyň özünde egin-eşiklerinde hem özlerini gelşikli we rahat duýmagy isleýändigine göz ýetirdik. Hut şu isleglere görä-de modelleri, matalary hem-de reňkleri saýlap aldyk» – diýip, kärhananyň hünärmeni gürrüň berýär.

«Däp» haryt nyşanynyň güýzki geýimleriniň hatarynda hud, jogger, longsliw, switşot, çinos we palazo ýaly geýim stilindäki 14 dürli egin-eşik öndürildi. Bu egin-eşikleriň ählisine azyndan üç gezek biçüw ölçegi geçirilip, dizaýnerler olaryň has laýyk ölçegde bolmagy üçin el ussatlygy bilen düzedişleri girizdiler.

Täze kolleksiýanyň geýimleri özara sazlaşykly görnüşi emele getirýär. Olaryň köpüsi erkekler üçinem, zenanlar üçin-de gelişýär. Harytlaryň köpdürli görnüşlerinde kiçi we uly ýaşlylar üçin islendik eşikler hödürlenýär. Olary jübüler, tipografik tikinler we beýleki bezeg elementleri bezeýär.

«Däbiň» dizaýnerleri mümkin boldugyça pagtadan taýýarlanan has ýakymly trikotaž we gabardin ýaly materiallary ulanypdyrlar. Täze geýimleriň reňkleri hökmünde bolsa ýapyk ak, goňras, gara we mawy, ýapyk ýaşyl we gyzyl, şeýle-de gök indigo reňklerinden peýdalanylypdyr. Kolleksiýanyň üstüni bolsa dört reňkdäki gapjyk we horjun ýetirýär.

Täze güýzki egin-eşikler kolleksiýasy bilen birlikde «Däp» brendi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli «Independent» Art-kolleksiýasyny we türkmen milli äheňindäki kolleksiýasyny hem tanyşdyrar.

Kolleksiýanyň tanyşdyryşy we egin-eşikleriň satuwa çykaryljak senesi:

  • Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezindäki «Däp» dükany (B-1.32);
  • Geçirilýän senesi we wagty: 15-nji sentýabrda sagat 19:00-da;
  • Tanyşdyryşyň onlaýn görkezilişini şu salgylanmadan görüp bolýar.

«Däp» haryt nyşanly egin-eşikleri kärhananyň «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezindäki dükanyndan hem satyn alyp bilersiňiz (1-nji gat, B57b dükany). Brendiň harytlary bilen sosial ulgamyndaky sahypadan tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 85 77 70.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň