Soňky habarlar

Arhiw

10 aýyň netijeleri boýunça Lebapda ýeralmanyň we käşiriň ýokary hasyly ýygnaldy

15:5220.11.2022
0
26532

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýylyň 10 aýynda 900 gektar ýere ekilen güýzlük ýeralmadan 12 müň tonnadan gowrak, 475 gektar ýere ekilen käşirden 9 müňe tonna golaý hasyl alyp, meýilnamany artygy bilen berjaý etmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi. Şeýle-de welaýatda mäş hem noýba ekilip, bol hasyl ýygnaldy.

Sebitde ýokary netijeleriň gazanylmagyna Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynyň gök ekerançylary uly goşant goşýarlar.

Taýýarlanan önümleriň köp bölegi dükanlara we bazarlara, galan bölegi ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilýär. Munuň özi ýylyň bütin dowamynda ilaty ter we ýokumly gök-bakja, miwe önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň