Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi

23:0019.11.2022
0
48600

Türkmenistana Perm sebitinden Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry, ýagny 3600 sanysy «Rosselhoznadzoryň» sebit edarasynyň gözegçiligi astynda iberildi diýlip, federal gullugyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Habarda eksport edilen önümleriň «Rosselhoznadzora» tabyn bolan «VNIIKR» Federal Döwlet Býudjet Institutynyň Perm bölüminde laboratoriýa gözegçiliginden üstünlikli geçendigi, netijede bolsa pürli önümleriň eýesine 3 sany fitosanitar şahadatnamasynyň berlendigi aýdylýar.

Ýakyn wagtda Perm sebitinden Täze ýyl arçalarynyň nobatdaky tapgyrynyň Türkmenistana, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tula, Týumen, Orenburg, Krasnodar we Stawropol ýaly sebitlerine iberiljekdigi habar berilýär.

Umuman, noýabr aýynyň başyndan bäri 20 müňden gowrak Täze ýyl arçasynyň «Rosselhoznadzoryň» gözegçiliginden üstünlikli geçendigi, ähli önümleriň ösümlik karantiniň düzgünlerine we kadalaryna laýyk gelýändigi habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň