Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýaty türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylaryň duşuşygyna taýýarlanýar

09:3814.11.2022
0
14464

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Daşguz şäherinde 16-njy noýabrda türkmen bilen özbek halklarynyň dostluk festiwaly açylar. Oňa aýdym-saz, teatr toparlary, tanymal medeniýet we sungat işgärleri gatnaşar.

Ministrler Kabinetiniň 11-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy Özbegistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany döredijilik çäresiniň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Forumyň açylyş dabarasyny «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwalyň çäklerinde dürli çäreleri, şol sanda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär. Myhmanlaryň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp görmekleri göz öňünde tutulýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Ilkinji gezek 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda türkmen-özbek dostluk festiwalynyň we 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynyň Daşoguzda geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň