Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Belarusda geçiriljek halkara maslahata gatnaşar

17:0813.11.2022
0
16967

2022-nji ýylyň 15 — 17-nji noýabrynda Belarus Respublikasynda «Ählumumy kynçylyklaryň çäginde GDA ýurtlarynyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Bu maslahat Belarus Respublikasynyň Medeniýet ministrligi we «Belarus döwlet medeni we sungat uniwersiteti» bilim edarasy bilen bilelikde GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň goldawy bilen, 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça Hereket meýilnamasynyň çäginde geçirilýär.

Çärä maddy däl medeni mirasy goramak boýunça tejribeli hünärmenler, medeniýet we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Arkalaşygyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata gatnaşyjy Türkmenistan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlar medeni mirasy gorap saklamak boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, maddy däl gymmatlyklary ýüze çykarmak we beýleki ugurdaş işler babatdaky tejribelerini paýlaşarlar.

Halkara maslahatyň we umumy mejlisiň açylyş dabarasy 15-nji noýabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minskdäki baş edarasynda bolar. Maslahata gatnaşyjylar Belarus döwlet medeniýet we sungat uniwersitetinde maddy däl medeni mirasyň ýokary okuw jaýlarynyň bilim ulgamyna goşulyşmagyny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem maslahatyň geçirilýän günlerinde birnäçe çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň