Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen pälwanlary sambo boýunça dünýä çempionatynda iki bürünç medal gazandylar

19:5112.11.2022
0
37150

Gyrgyzystanda geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabyna ýene iki bürünç medal goşuldy.

Bäsleşigiň ikinji gününde nusgawy sambo boýunça Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg çenli) we Batyr Hojamuhammedow (98 kg ýokary) ýeňiji boldy.

Dünýä çempionaty 11-nji noýabrdan 13-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Bu ýaryşa 50-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Çempionatyň netijelerine görä 21 agram derejesinde ýeňijiler kesgitlener.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu ýaryşda 64 kg-de çykyş eden Muhammet Kössekow altyn medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň