Türkmenistanda Serdar etrabyna we Serdar şäherine ozalky Gyzylarbat ady gaýdyp berildi. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Kararda görkezilýär.
Kararda bu üýtgetme: «Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň atlaryny üýtgedip, olara Gyzylarbat adyny dakmaly» diýen bölüm bilen görkezilýär.
Türkmenistanyň parlamenti bu çözgüdi Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň köp sanly isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen kabul etdi. Gyzylarbat bu etrabyň we şäheriň gadymy adydyr.