Top.Mail.Ru

Aşgabatda Atatürkiň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

19:4610.11.2022
0
17803

Şu gün Aşgabatda, Türkiýäniň ilçihanasynyň garşysyndaky Atatürk meýdançasynda, Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi.

Bu çäre, Türkiýäniň milli lideriniň aradan çykmagynyň 84 ýyllygyna gabat geldi. Dabara gatnaşanlar görnükli türk reformaçysynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen hormat goýdular.

Dabara Türkmenistandaky Türkiýäniň ilçihanasynyň işgärleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, türk kompaniýalarynyň, jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Ýygnananlaryň öňünde Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral çykyş etdi.

Häzirki zaman Türk döwletini esaslandyryjy 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 57 ýaşynda Stambulyň Dolmabahçe köşgünde aradan çykdy. 1953-nji ýylda, Atatürküň aradan çykanyndan 15 ýyl soň, onuň jesedi Ankaradaky etnografik muzeýden Anitkabir mawzoleýine geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň