Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde 9-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.
Açylyş dabarasynda döwlet Baştutany bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygynyň 49 kilometre barabardygyny, desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleriniň, şeýle hem häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylandygyny belledi.
Desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, şeýle hem 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, bu desgalar toplumyny gurmakda türkmen we russiýaly hünärmenler örän giň gerimli işleri ýerine ýetirdiler. Ol işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň we Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy hem-de degişli sertifikatlar bilen berkidildi.
Döwrebap desgalar toplumy üçin halkara güwänamalaryň dördüsi, ýagny:
- Aşgabat şäheriniň günorta böleginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň özboluşly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky güwänama;
- Aşgabat şäheriniň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän özboluşly gurluşyk desgasydygy baradaky güwänama;
- sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänama;
- Aşgabat şäheriniň günorta böleginde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramanyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänama gowşuryldy.