Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2022» halkara sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi

10:0510.11.2022
1
19293

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Bu Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanylyp, milli ykdysadyýet döwrebaplaşdyrylýar, ýurdy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler we iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze görnüşini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

— Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistan halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolmak bilen, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Garaşsyz ýurdumyz halkara derejede işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşup, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda sebitleýin hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar we forumlar yzygiderli geçirilýär. Serginiň we maslahatyň geçýän döwründe öňden dowam edip gelýän hoşniýetli, dostlukly, birek-birege peýdaly gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi bilen aýrylmaz bagly bolan möhüm meseleleriň çözgütlerini tapjakdygyňyza ynanýaryn.

Hormatly aragatnaşykçylar! Gadyrly myhmanlar!

Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň