Arhiw

Aşgabatda «Türkmentel—2022» Halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady

10:2710.11.2022
0
21990
Aşgabatda «Türkmentel—2022» Halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2022» atly XV Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar. Halkara maslahat 11-nji noýabrda hem dowam eder.

«Türkmenel—2022» halkara gözden geçirilişiň işine Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 18 ýurdundan 100-den gowrak wekiliň gatnaşýandygyny bellemelidiris.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy pudagyndaky hemişelik hyzmatdaşlary hem bar.

Ozal habar berşimiz ýaly, maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2022» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylar öz sanly önümlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle hem, çäräniň çäginde Türkmenistanyň döwlet we hususy guramalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň