TÝL ― 2022: «Ahal» «Köpetdagy» ýeňdi

22:2409.11.2022
0
15530

«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Köpetdagy» ýeňdi. Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiş gollaryny 33-nji minutda Serdar Geldiýew, 77-nji minutda Elman Tagaýew geçirdi.

Edil häzir 51 utukly «Ahal» ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Tapgyrda «Altyn asyryň» hem utuk ýitirmegi «Ahal» bilen ikinji orundaky toparyň arasyny 9 utuga çenli çykardy. 28 utukly «Köpetdag» bolsa dördünji orunda.

Indiki tapgyrda 13-nji noýabr güni «Köpetdag» myhmançylykda «Şagadam» bilen duşuşar. Şol gün «Ahal» Marynyň «Merw» toparyny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň