Türkmen küştçüleri Saparmyrat Atabaýew bilen Azat Nurmämmedow Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen küşt boýunça Aziýa çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler, onda erkekler (açyk) we zenanlar toparynda 9 türgen ýurdumyzdan wekilçilik etdiler.
"Türkmenistan: Altyn asyr" neşirinde habar berlişine görä, Saparmyrat Atabaýew 9 döwde 5 utuk toplap, grossmeýsteriň birinji balyny gazandy, Azat Nurmämmedow bolsa mümkin bolan 9 utukdan 4,5 utuk toplap, halkara ussady adynyň berilmegine ýakynlaşdy. Küşt boýunça ýokary at almak üçin S.Atabaýew ýene grossmeýsterlik ballaryň ikisini toplamaly, FIDE-niň ussady A.Nurmämmedow halkara ussady adyny almak üçin ýene bir kadany berjaý etmeli.
Çempionatda halkara ussady Saparmyrat Atabaýew 26-njy, onuň dogany halkara grossmeýsteri Maksat 5 utuk bilen 28-nji, hersi 4,5 utuk toplan Azat Nurmämmedow bilen Ýusup Atabaýew degişlilikde 39-njy we 54-nji orna düşdiler.
13 ýurtdan erkekleriň 90-sy we zenanlaryň 50-si Aziýa birinjiliginde ilki nusgawy küştde, soňra çalt oýnalýan (blisde) küştde çempionlyk ugrunda bäsleşdiler.
Çalt oýnalýan küşt ýaryşynda Azat Nurmämmedow mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, ildeşlerimiziň arasynda iň gowy netije bilen 9-njy orny eýeledi. Ýusup we Maksat Atabaýewler degişilikde 15-nji we 21-ni orna düşdüler.
Zenanlaryň arasynda 16 ýaşly Läle Şöhradowa (blis-reýtingi: 1856) görkeziji punktlary boýunça öňe saýlandy, ol mümkin bolan 9 utukdan 4,5 utuk gazanyp, 29-njy orny eýeledi, bu oňa 110 reýting-punkt artdyrmaga ýardam berdi. Hurma Weliýewa (blis-reýtingi: 2003) – 24 reýting-punkt gazandy.
Çalt oýnalýan küştde türkmen zenanlaryndan Jemal Öwezdurdyýewa (blis-reýtingi: 1961) mümkin bolan 9 utukdan 5 utuk toplap, 18-nji orna mynasyp boldy.