Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy boýunça Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

20:0106.11.2022
0
18265

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy boýunça Konsultatiw geňeşiniň 3-nji noýabrda Ýerewan şäherinde geçirilen XXXV mejlisine gatnaşdy.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlise Türkmenistandan başga-da Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA agza döwletleriň hem-de Mongoliýanyň Zähmet barlaglarynyň Sebit bileleşiginiň, Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ählumumy konfederasiýasynyň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, «Garaşsyz döwletleriň weteranlarynyň (pensionerleriniň) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» Halkara bileleşiginiň Utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri hem-de GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Beketjan Jumahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar geçen ýylyň dowamynda alnyp baran işleriniň jemlerine seretdiler. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjy wekiliýetleriň arasynda öz döwletlerinde durmuş we zähmet ýagdaýlary, bu ugurda görülýän çäreler, 2020-2023-nji ýyllar üçin Ylalaşylan durmuş we demografiki syýasat boýunça Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyry barada maglumat alyş-çalşygy geçirildi.

Mundan başga-da, zähmeti kanunylaşdyrmak, ýaşlary zähmete işjeň çekmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, zähmet gatnaşyklary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň sanawyny ýöretmek we olaryň täzelenmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň