Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary synplarda okaýan mekdep okuwçylary düzme bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

21:4604.11.2022
0
25329

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» temasy boýunça düzme bäsleşigi yglan edildi. Düzme bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişine görä, düzme bäsleşigine orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan — Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzasy bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna düzmelerini ýollap bilerler.

Düzme bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda yglan ediler.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň