Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi çapdan çykdy. Kitabyň nobatdaky sany «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçen 2020-nji ýyla bagyşlanýar. Onda Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellän ýylynda Türkmenistanyň gazanan giň gerimli üstünlikleri beýan edilýär.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, kitap «Beýik maksatlar, saldamly gazanylanlar, ýagty geljek» atly syn-seljerme makalasy bilen açylýar. Bu makalada jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär.
Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky goýberilişinde döwletiň iň täze taryhy, ýurduň syýasy we ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilim we medeni ösüşi ýokary derejä çykarmak maksady bilen, türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip kabul edilen Kanunlar, gol çekilen Permanlar, Kararlar, Buýruklar barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi materiallary esasynda gysgaça maglumatlar berilýär.
Kitapda Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlara amala aşyran iş saparlary, daşary döwletleriň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärleri bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar beýan edilýär. Daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar, Türkmenistanda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar barada syn çap edilýär.
Aýry-aýry makalalar önümçilik we durmuş maksatly, şeýle hem köp sanly beýleki binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralaryna bagyşlanýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen neşir anyk beýan ediş, ylmy-aňyýet häsiýetine eýedir hem-de ynsanperwer ylymlary bilen meşgullanýan alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň mugallymlary, talyplar, şeýle-de jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin gymmatly maglumat çeşmesidir.