Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda AFK-nyň “A” derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin tälimçilik kursuna badalga berdildi

23:5801.11.2022
0
10003

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “A” derejeli ygtyýarnamany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursunyň birinji tapgyryna badalga berildi.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde FIFA-nyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi özbegistanly hünärmen Usmon Toşew çykyş edýär. Onuň kömekçisiniň wezipesini ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow ýerine ýetirýär.

Tälimçilik kursunyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Annabaýram Durdymämmedow bilen TFF-niň Tehniki bölüminiň başlygy Berdimyrat Nurmyradow gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýerli futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

AFK-nyň “A” derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin tälimçilik kursunyň birinji tapgyry 12-nji noýabra çenli dowam eder. Onuň ilkinjisi şu ýylyň dekabr aýynyň1-12-si aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň