Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli watandaşlaryny gutlady

13:3401.11.2022
0
17183

Şu gün manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerini we ähli halkyny gutlady.

«Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip başlanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Milli manadymyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiiň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

«Töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, banklaryň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlagynda belläp geçýär.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň Gutlagynda häzirki döwürde ýurtda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleriniň dowam etdirilýändigi hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi nygtalyp geçilýär.

Bellenilişi ýaly, hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, ulgamda ornaşdyrylýan elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

«Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtaýar.

«Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris. Halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdüreris, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdireris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.

Şeýle-de Gutlagda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleriniň yzygiderli artdyryljakdygy hem-de maliýe-bank hyzmatlarynyň has-da kämilleşdireriljekdigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynyň ahyrynda türkmenistanlylary milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň