Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

11:3401.11.2022
0
22248

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Döwlet Baştutany häzirki agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň