Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

22:1531.10.2022
0
26543
Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen-pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

— Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek biziň üçin örän ýakymlydyr. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyklara esaslanýar. Şoňa görä-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak biziň öňümizde möhüm wezipe bolup durýar — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy telefon arkaly söhbetdeşlikde belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki döwürde Türkmenistan bilen Pakistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary işjeň alyp barýandygy, şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitde iri energetika, kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandyklary barada aýdyldy. Şol taslamalaryň hatarynda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary barada aýratyn bellenildi.

«Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynanýaryn. Şol bir wagtda iki ýurduň Parlamentleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip hasap edýärin» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara hyzmatdaşlygyň dostlukly ýurtlaryň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine berk ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň