Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary sylaglamak baradaky Permana gol çekdi

21:5729.10.2022
0
18714

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Resminamada türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Begenç Akmyradowiç Bakyýewe hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň başlygy, hususy itşynas Orazmyrat Döwranowiç Orazmyradowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmalydygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň