Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri boldy

20:5624.10.2022
0
37964

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri wezipesine öňki maliýe ministri Rişi Sunak saýlandy diýip, ýurduň Konserwatorlar partiýasy habar berdi. Bu Obşinalar palatasynyň lideri Penni Mordont öz bäsdeşi Sunagy goldap, saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwrenden soňra bolup geçdi. Bu barada «MIR 24» habar berdi.

Şeýlelikde, hindi asylly angliýaly taryhda ilkinji bolup, Beýik Britaniýanyň hökümetine ýolbaşçylyk eder. Rişi Sunak penjaply hindidir. Ol Angilýanyň Gempşir şäherinde ýaşaýan lukmanyň maşgalasynda dünýä indi, olaryň ata-babalary XIX asyryň aýagynda – XX asyryň başynda Angliýa göçüp geldiler. Häzir penjaply hindiler Britaniýada iň köp sanly diasporadyr.

Hindistan tas 300 ýyllap Britaniýanyň iň baý koloniýasy boldy, dünýäde ony «Imperiýanyň iň süýtli sygry» diýip atlandyrýardylar. Angliýalylar elmydama hindiler üçin salgytlary artdyrýardylar, harytlarydyr medeni gymmatlyklary ýurtdan alyp gidýärdiler, hatda ýerlilerden düzülen sypaýylaryň hakyna tutma goşunyny hem saklaýardylar.

XIX asyryň ortalarynda sypaýylar gozgalaň turuzdylar, emma gozgalaň ýowuzlyk bilen basylyp ýatyryldy. Müňlerçe gozgalaňçy dardan asyldy, baştutanlary bolsa top okuna tutdular. Britan hökümetiniň täze baştutanynyň ady hiç hili gopgunlarda geçmedi, ol barada masgaralaýjy şyltaklara duş gelinmedi. Sunak özüniň saýlaw maksatnamasynda ýurdy ykdysady kynçylyklardan alyp çykmagy wada berdi.

«Rişi puluň gadyryny oňat bilýär» diýip, britanlar aýdýarlar. Sunaklaryň maşgala emlägi 240 million amerikan dollary bahalanýar. «Bize ilkinji nobatda durnuklylyk, işbaşarjaň ýolbaşçy gerek. Bize ýurdy agyr ýagdaýdan alyp çykmak zerur. Rişi bu wezipeleriň hötdesinden gelip biler» diýip, Beýik Britaniýanyň Demirgazyk Irlandiýa meseleleri boýunça ministri Stiw Beýker aýdýar.

«Gazeta.ru» saýtynyň Dauning-stringiň diwanyna salgylanyp ýazmagyna görä, täze Premýer-ministr 25-nji oktýabrda Karl III tarapyndan kabul edişlikden soňra resmi wezipesine girişer. Şol gün iş başyndan gidýän Premýer-ministr Liz Trass Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň öňünde hoşlaşyk sözi bilen çykyş eder, munuň yzysüre Bukingem köşgüne barar, Patyşa Karl III onuň iş başyndan gitmek baradaky towakganamasyny kabul eder.

Soňra Patyşa Sunak bilen duşuşar we Onuň Alyhezretleriniň hökümetini düzmegini teklip eder. Şol gün Moskwa wagty bilen takmynan sagat 13:35-de täze Hökümet başlygy Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna ýüzlenme sözi bilen çykyş eder. Şunlukda Rişi Sunak britan Ministrler Kabinetiniň soňky 200 ýyllyk taryhynda iň ýaş başlygy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň