Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogynda Mongoliýadan üstün çykdy

18:0619.10.2022
0
23730

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky ikinji duşuşygynda Mongiliýany 3:0 hasabynda ýeňdi. Bu biziň ildeşlerimiziň ýartşyň Aziýa we Okeaniýa sebitiniň 4-nji toparçasyndaky bassyr ikinji ýeňşidir.

Duşuşyklarda Ýuriý Rogusskiý Undraha Purewdoržany 6:4, 6:3, Meýlis Orazmuhammedow Hatansuiha Batbaýary 6:1, 6:2, Meýlis Orazmuhammedow ― Ýuriý Rogusskiý jübüti Gunburd Batžargal bilen Undrah Purewdoržy 6:4, 7:6 hasabynda ýeňdiler.

Şeýlelikde, türkmen tennisçileri ýaryşda bassyr ikinji ýeňşini gazandylar, Mongoliýanyň ýygyndysy bolsa ilkinji gezek ýeňildi. Türkmenistan 20-nji oktýabrda Kamboja bilen oýnar. Bu duşuşyk iki toparyň haýsy hem bolsa biriniň toparçanyň finalyna çykmagy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.

Düzgünnama görä «A» we «B» toparçalaryň ýeňijileri geljek ýylda 3-nji toparça goşulyp bilmek üçin özara göreş alyp bararlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň