Soňky habarlar

Arhiw

«Hudaýyň eli» satlyga çykýar

12:2519.10.2022
0
26021

Diýego Armando Maradona futbolyň taryhyndaky iň güýçli oýunçylaryň biri bolup, onuň bilen baglanyşykly eşiklere we toplara uly isleg bildirilýär. «Euronews» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, futbolçynyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatyndaky Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezesine eli bilen geçiren pökgüsi bäsleşikli söwda arkaly satylar.

Ýatlatsak, şol duşuşygyň emini Ali bin Naser argentinaly futbolçynyň eliniň topa degenini görmändir. Geň ýeri hem, şol top häzir bu eminiň eýeçiliginde saklanýar.

Bäsleşikli söwda şu ýylyň 16-njy noýabrynda geçiriler.

Maradona futbol karýerasynyň dowamynda «Arhentinos Huniors», «Boka Huniors», «Barselona», «Napoli», «Sewilýa» we «Nýuels Old Boýz» ýaly toparlarda çykyş etdi.

Futbolçy Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 91 duşuşyga gatnaşdy we 34 gezek tapawutlanmagy başardy. Ady rowaýata öwrülen futbolçy 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda dünýäden ötdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň