Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňki geňeşçisi Hytaý Halk Respublikasynyň Kazandaky baş konsuly wezipesine bellenildi

17:1318.10.2022
0
35308

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi bolup işlän Sýan Bo Hytaýyň Kazandaky (RF) baş konsuly wezipesine girişdi diýip, «Tatar-inform» habar berýär.

Şu gün Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Hytaýyň Kazandaky täze baş konsuly bilen duşuşdy. Duşuşyk Tatarystan Respublikasynyň Hökümet öýünde geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Minnihanow baş konsula täze işinde üstünlik arzuw etdi we Tatarystan bilen Hytaýyň umumy gyzyklanmalarynyň bardygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýratyn nygtady.

Sýan Bo 1975-nji ýylyň ýanwar aýynda Çunsinde dünýä indi. 1998-nji ýylda Hytaýyň Habarowskdäki Baş konsullygynyň wekili bolup başlady. Diplomat 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň