Soňky habarlar

Arhiw

Krems amaly ylymlar we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

22:0017.10.2022
0
25796

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň (Awstriýa) arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu resminama Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew we Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň baş ýerine ýetiriji direktory Karl Ennsfellner gol çekdi diýip, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ähtnamada bilelikdäki taslamalar, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary göz öňünde tutulýar.

Krems amaly ylymlar uniwersiteti 1994-nji ýylda «Halkara menežment merkezi» hökmünde döredilen Awstriýadaky uniwersitetdir. 2002-nji ýylyň aprelinde uniwersitet «Amaly ylymlar uniwersiteti» derejesine eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň