Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýadan Hindistanyň portlaryna ulag geçelgeleriniň işini güýçlendirmegi teklip etdi

09:3315.10.2022
0
17488

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyndan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz portlaryna ulag geçelgesini ulanmak mümkinçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Türkmen Lideri bu barada «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitinde belledi diýip TASS ýazýar.

«Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr. Öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň pikiriçe, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. «Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmegini teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň