Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2022-niň finalçylary belli boldy

22:3806.10.2022
0
14708

Malaýziýanyň «Kuala-Lumpur Siti» we Omanyň «Al-Sib» futbol toparlary AFK-nyň kubogy ― 2022-niň finalyna çykdylar.

«Al-Sib» 4-nji oktýabr güni öz meýdanynda Bahreýniň «Er-Rifa» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. «Kuala-Lumpur Siti» bolsa sebitara finalda Özbegistanyň «Sogdianasyny» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:3 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşyň ýeňijisi 22-nji oktýabrda geçiriljek final duşuşygyndan soň belli bolar. Duşuşyk Malaýziýanyň 18 müň orunlyk «Kuala-Lumpur» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň