Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — Türkiýe gatnawy açylandan soň ilkinji uçar Aşgabatdan Stambula uçdy

20:0705.10.2022
0
53065
Türkmenistan — Türkiýe gatnawy açylandan soň ilkinji uçar Aşgabatdan Stambula uçdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy howa gatnawyny täzeden dikeldeninden soň şu gün Aşgabatdan Stambula ilkinji uçuş amala aşyryldy. Muny Stambul howa menziliniň onlaýn tagtasynyň maglumatlary subut edýär.

«Boeing 737-800» uçary Aşgabat wagty bilen 18:40-da Türkmenistanyň paýtagtyndan uçdy. T5 0921 uçuşy ýerli wagt bilen 20:40-da Stambulda garşylanar.

Stambula yzygiderli howa gatnawlar duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri Aşgabatdan amala aşyrylar. Türkiýeden Türkmenistana uçan uçarlar Türkmenbaşy howa menziline gaýdyp geler.

Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň togtadylandygyny ýatladýarys. Ýurtlaryň arasynda çarter uçuşlary ýola goýuldy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen birlikde Turkish Airlines tarapyndan ýörite uçuşlar amala aşyryldy.

Şu güne çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Şu ýylyň 15-nji oktýabryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusa uçuşlaryny dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň