Soňky habarlar

Arhiw

«Mатч TB» Dünýä çempionaty-2022-niň ähli duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer

10:0005.10.2022
0
18049

Futbol boýunça Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryna «Mатч TB» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar.

Ýaryşyň dowamynda futbol janköýerleri bu teleýaýlymyň üsti bilen jemi 64 oýuna tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.

Bu barada kanalyň öňki general direktory Tina Kandelaki hem özüniň Telegram-kanalynda:

«Hawa, siz dogry düşündiňiz. Dünýä çempionatyna «Mатч TB» teleýaýlymynda tomaşa edip bolar» diýip belledi.

Katardaky arzyly futbol ýaryşy şu ýylyň noýabr aýynyň 20-si we dekabr aýynyň 18-i aralygynda geçiriler. Ilkinji açylyş oýny ýer eýeleri bolan Katar bilen Ekwadoryň milli ýygyndysynyň arasynda geçiriler.

Dünýä çempionatynyň oýunlary Kataryň bäş şäherinde we 8 stadionynda oýnalar.

Katar döwleti ilkinji gezek Dünýä çempionatyny geçirýär. Şeýle hem, ilkinji gezek futbol boýunça Dünýä çempionaty tomus aýlarynda geçirilmez.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň