Soňky habarlar

Arhiw

«Detoxboxtm-iň» «Maksimum» programmasy dogry iýmitlenmegi ýola goýmaga kömek edýär

10:5105.10.2022
0
21546

«Detoxboxtm» müşderilerine diňe bir dogry iýmitlenmegiň programmalaryny ýola goýmaga däl-de, eýsem olary durmuşa geçirmek babatda hem ýardamyny ýetirýär.

Dogry, islendik adam belli bir derejede dogry iýmitlense-de, kähalatda onuň tertibini bozýar, ýöne munuň hiç hili zyýansyz bolmagyny isleýär. Hut şunuň üçinem «Detoxboxtm-iň» hünärmenleri «Maksimum» programmasyny işläp düzdüler.

Bu programma üç güne niýetlenip, özünde ter miwelerden hem-de gök önümlerden taýýarlanan suwuk iýmiti jemleýär. Bu bolsa organizmi arassalamaga we artykmaç agrama garşy göreşmäge ýardam edýär.

Her günlük iýmit paýy kaloriýalylygy 800-1000 kkal bolan 8 çüýşe smuziden ybarat.

«Maksimum» programmasynyň bahasy — 450 manat.

Kompaniýa her gün täze iýmitler eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär. Hünärmenler bu çüýşeleri sowadyjyda saklamagy maslahat berýärler, sebäbi olaryň düzüminde haýsydyr bir konserwant ýokdur.

Bedene agram salmazlyk maksady bilen, bu programmany aýda bir gezekden we üç günden köp ulanmazlyk maslahat berilýär. Iýmitiň kaloriýasynyň azlygy sebäpli «Detoxboxtm-iň» hünärmenleri hem programmanyň berjaý edilýän wagtynda sport maşklaryny geçirmegi maslahat bermeýärler. Üç günlük yzygiderlilik tamamlanandan soň, agramy saklamak üçin dogry iýmitlenmek programmasyna geçip bilersiňiz.

«Detoxboxtm» kompaniýasy müşderileriniň ýaşaýyş-durmuş şertini has oňaýly etmek bilen, onuň wezipesi iýmitiň diňe peýdaly bolmagyny, sagdyn iýmitlenmegi, aýratyn-da her bir adamyň öz näzik hem-de kadaly bedeninden lezzet almagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň «Maksimum» ýa-da beýleki programmalaryny ýola goýmak üçin onuň hünärmenleri bilen (+993 62) 08 98 88 telefon belgileri arkaly ýa-da şu salgylanma girip habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň