«Detoxboxtm» agramyny kadaly saklamak isleýänlere VIP programmasyny teklip edýär

08:5814.09.2022
0
19983

Dogry iýmitlenmek ýörelgelerini işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýöriteleşen «Detoxboxtm» kärhanasy müşderilerine VIP programmasyny hödürleýär. Bu programma horlanmak babatda oňyn netije alanlara agramyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin niýetlenendir.

Terezide agramyňyzy ölçemek bilen özüňize gerekli agram derejesine ýeten bolsaňyz hem, ony saklamak barada alada etmeseňiz bedeniň agram kadasyny ýitirmegiňizi örän mümkindir. Bu hemmelere mälim ýagdaý bolsa gerek.

Onda ähli eden yhlasyňyz biderek bolar. Bedeniň agramyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin bolsa hemişe dogry iýmitlenmek hem-de yzygiderli sport bilen meşgullanyp durmak zerurdyr.

Iýýän iýmitiňiziň peýdaly aýratynlyklary, has takygy kaloriýalylygy siziň ýaşyňyz, jynsyňyz, organizmiň umumy ýagdaýy hem-de işjeňligiň derejesi bilen baglanyşykly bolmalydyr.

Eger-de dogry iýmitlenmege eýermekde iýýän naharyň kaloriýalylygy we ony taýýarlamagyň işi biynjalyk edýän bolsa, onda bu işi siz üçin ýokary hilde ýerine ýetirýän «Detoxboxtm-iň» hünärmenlerine ýüz tutmak ýeterlikdir. Olar siz üçin kadaly iýmitleri her günde taýýarlap, salgyňyza eltip berýärler.

VIP programmasy boýunça iýmitlenmegiň bitewi toplumyna ertirlik, günortanlyk hem-de agşamlyk naharlary, şeýle-de iki sany goşmaça iýmit girýär.

Programma boýunça iýmitlenmegiň dowamlylygy möhletsizdir. Bitewi toplumyň bir günlük mukdarynyň bahasy 150 manada deň. Ertirki gün üçin sargytlar sagat 13:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin: Aşgabat ş., (+993 62) 08 98 88. Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň