Soňky habarlar

Arhiw

«Detoxboxtm» tarapyndan hödürlenýän dogry iýmit önümleri horlanmaga ýardam eder

14:2408.09.2022
0
6615
«Detoxboxtm» tarapyndan hödürlenýän dogry iýmit önümleri horlanmaga ýardam eder

«Detoxboxtm» türkmen kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen dogry iýmitlenmek düzgünleriniň meýilnamasy bedeniňiziň sagdynlygyny üpjün etmäge we artykmaç agramyňyzy aýyrmaga kömek eder.

Bu meýilnama günde 4 gezek az kaloriýalylygy bilen tapawutlanýan we artykmaç agramy azaltmaga niýetlenen azyk önümlerini kabul etmek düzgüninden ybaratdyr. Meýilnamanyň esasy maksady – bedeniň syrdamlylygyny artdyrmak, çişleriň öňüni almak we işdäni ele almakdyr.

Köpler bedeniň syrdamlylygy üçin dogry iýmitlenmek düzgünlerini gowy görýän we endik eden önümlerinden daşda durmak hem-de olary iýmegi gadagan etmek bilen baglanyşdyrýarlar, emma bu hemişe beýle däldir.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň hünärmenleri sagdyn iýmitiň utgaşykly bolmalydygy we dürli önümlerden ybarat bolmalydygyny öňe sürýärler, ol özünde azyk önümleriniň dürli toparlaryny saklamaly, energiýa we mikroelementlere bolan talaby kanagatlandyrmaly, şeýle hem mümkinçilige görä, gowy görülýän tagamlardan ýüz öwürmez ýaly şert döretmeli.

Agramy azaltmak üçin meýilnama 28 güne niýetlenendir. Müşderiler gündelik utgaşykly we süýji tagamlar toplumy bilen üpjün ediler. Galyberse-de, ähli tagamlar konserwantsyz taýýarlanýar.

Bir hepdelik tagamlar toplumynyň bahasy – 595 manat. «Detoxboxtm» kompaniýasynyň hünärmenleri az kaloriýaly azyk önümleriniň kabul edilýändigini göz öňünde tutup, meýilnama döwründe artykmaç agram salýan sport görnüşleri bilen meşgullanmagy maslahat bermeýärler.

Agramyňyzy azaltmaga niýetlenen meýilnamanyň agzasy bolmak hem-de gündelik dogry iýmit önümlerini almak üçin (+993 62) 08 98 88 telefon belgisine jaň etmek ýa-da salgy boýunça girmek ýeterlikdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň