Soňky habarlar

Arhiw

«Detoxboxtm» islendik görnüşli biznes-lançlary hödürleýär

11:4222.09.2022
0
23691

«Detoxboxtm» kärhanasy işewürler üçin gündelik taýýarlanylýan gyzgyn we datly günortanlyk naharlaryny eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Öýde taýýarlanyp gaplara salynýan naharlary ýanlary bilen almakdan ýüz öwürýän ofislerde işleýän hünärmenleriň sany gün-günden artýar. Munuň bolsa ýeterlik sebäbi bolup, käbirleri nahar taýýarlamaga wagt tapmasa, käbirleri naharly gaplary ýanlary bilen almagy ýerliksiz hasap edýärler, ýene birleri bolsa ofisden daşyna çykyp nahar satyn almak üçin wagtyny sarp etmegi dogry hasap etmeýärler. Emma islendik hünärmen gyzgyn, ýaňy taýýarlanan datly naharlary iýmegi isleýär.

Bu meselede «Detoxboxtm» kärhanasynyň islendik salga eltilip berilýän biznes-lançlary belläp geçen talaplarymyzyň ählisine kybap gelmek bilen, hünärmenleriň wagtyny tygşytlaýar, olaryň tiz hem-de tagamly günortanlyk edinmegine ýardam edýär.

Bu biznes-lançlar her gün sagat 12:00 — 15:00 aralygynda taýýarlanylyp, aýry-aýry görnüşleri, biri-birinden datly tagamlary bilen tapawutlanýar. Bu babatda ýörite taýýar edilýän naharlar işewür hünärmenleriň göwnünden turjak nahar görnüşleri bilen üpjün edilýär.

Kärhananyň biznes-lanç eltip berme hyzmaty sargyt edilýän güni sagat 9:00-dan 13:00-a çenli aralykda ýerine ýetirilýär. Sargyt etmek üçin telefon belgisi: (+993 65) 85 64 76.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň