Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkele bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça bitiren hyzmatlary üçin Fritof Nansen adyndaky baýragy gowşurmak kararyna geldi, bu barada guramanyň saýtynda habar berildi.
Habarda Merkeliň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň bosgunlaryň we 2015-2016-njy ýyllarda Siriýada hem-de beýleki ýerlerde gapma-garşylyklar döwründe gaçybatalga sorap ýüz tutanlaryň 1,2 million sanysyny kabul edengini aýdylýar.
«Bosgunlaryň millionlarçasyna aman galmaga hem-de özüni tutmaga kömek etmek bilen, Angela Merkel ýokary ahlak we syýasy edermenlik görkezdi» diýip, BMG-niň Ýokary komissary Grandi belledi. Ol öňki kansleriň şeýle-de bosgunlaryň nemes jemgyýetine goşulyşmagy ugrunda tagalla edendigini nygtady.
Merkele Nanseniň baýragy 10-njy oktýabrda Ženewada gowşurylar.
Nanseniň baýragy 1954-nji ýylda döredildi we bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça gowşurylýar. Ol bosgunlaryň hukuklaryny gorap çykyş eden norwegiýaly alym Fritof Nanseniň hormatyna esaslandyryldy. Bu barada «Gazeta.ru» habar berýär.