Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:4303.10.2022
0
28314
Serdar  Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ýurduň sebitlerinde amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pagta ýygymynyň depginleri, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlardyr beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň peýdalanylyşy, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki möhletlere laýyklykda gögeriş suwunyň tutulyşy, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak babatda amala aşyrylýan işler barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, pagta ýygymy möwsüminiň oba hojalyk ulgamyndaky möhüm ähmiýetini belledi hem-de ýygymyň depginleriniň güýçlendirilmelidigine, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bugdaý ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny nygtap, bu jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, degişli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýurtda azyk bolçulygyna uly goşantdygyny belläp, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany Balkan we Mary welaýatlarynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu sebitleriň häkimlerine birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegi babatda hem degişli welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň oba hojalygyny ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de topragyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler, şeýle-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Azyk bolçulygynyň berkidilmegine, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Wise-premýere ýurtda bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak babatdaky meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, täzeçil usullary pudaga işjeň ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak baradaky Karara gol çekendigi üçin ýurduň ähli daýhanlarynyň we önüm öndürijileriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň